Habarlar
Habarlar
Aziýanyň merjen şäheri
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Hünärli ýaşlar — aýdyň geljek
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda sözlän taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, jaýdar belledi.
Azyk bolçulygynyň binýady pugtalanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrlan giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy.
MERDANALYGYŇ MEKDEBI
9-njy maý – bu arzyly sene. Dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy. Bu baýram adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar.
SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖZGERIŞ
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar.
Bag ekmek - sogaply iş
Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat ýaşyl lybasa beslenýär, türkmen Diýary, türkmen topragy has-da gözel görke gelýär. Tebigatyň bu gözelliginiň täsiri, lezzeti başga. Şonda ene topragy gülzarlyga öwürmäge höwesiň, topragy keramat saýylýan Watanyňa söýgiň has-da artýar. Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen tebigatyň täzeden direlişiniň pasly hökmünde bu döwürde bag nahallaryny oturtmagyň möwsümi hem başlanýar.
Ajaýyp desgalaryň ak nury
Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen sanlyja ýyllarda gurlan, altyn gümmezleri bilen uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýän köşkleri, köpsanly döwrebap suw çüwdürimleri, aklyga bürenen täsin binalary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gür baglyga bürenen seýilgähleri ak şäherimiz Aşgabady tanalmaz derejede özgertdi.
Tebigat – biziň öýümizdir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň badalga berýän beýik işleri Türkmenistanda kämil jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir. Adamlaryň saglygy olaryň edýän işleriniň rowaçlygynyň girewidir. Daşky gurşawy goramak il-halk bähbitli möhüm meseleleriň biridir.
SUW – GYMMATLY BAÝLYK
Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar.
DIL — AKYLYŇ AÇARY
Sanly bilim ulgamy, dünýä dilleriniň giňden öwrenilmegi bu beýik işleriň aýdyň mysallarydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde biz ýaşlara dünýä dillerini öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki dil kämillikdir, giň dünýägaraýyşdyr. Islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem mümkinçilik almak bolýar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegi «dostluk köprüsi» diýip atlandyrýarlar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.