Habarlar
Habarlar
Milli bilim ulgamynyň batly gadamlary
Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar.
KÄMIL NESILLER ÝURDUŇ GELJEGI
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, beýleki milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
TÜRKMEN SENETÇILIGI ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy.
BILIM ULGAMYNDA GIŇ MÜMKINÇILIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek, multimedia tehnologiýalaryny, interaktiw usullary ulanmak esasy wezipe bolup durýar. Şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin mekdebimiziň mugallymlary hem uly tagalla edýärler.
ARKADAGLY SERDARYMYZYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTLY ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar.
Dünýä dillerini öwrenmek – kämil hünärmen bolmak
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Bu günki gün ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
TEBIGATY GORAMAK – SAGDYN DURMUŞYŇ KEPILI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlarynda, ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, ekologik gurşawa aýawly çemeleşmek netijesinde ekologiýa medeniýetini döretmek hem-de kemala getirmek, kämilleşdirmek, tebigata, onuň gymmatly baýlyklaryna söýgini terbiýelemek işleri yzygiderli dowam etdirilýär.
IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde adamlaryň saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işler ýurdumyzda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Watan gerçekleri halkyň hakydasynda
Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşudyr. Bu söweşde gahrymanlarymyz mertligiň-merdanalygyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Ondan bäri 80 ýyl geçdi. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol pajygaly aýylganç günleri unutmak asla mümkin däl. Urşuň nähili elhençdigini, adamzadyň ykbalyna ýowuz daraýandygyny oňa gatnaşan bilýär.
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.