Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy
20-10-25
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda goldawa mätäç çagalara berilýän lukmançylyk kömekleri, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler dogrusynda hasabatlar diňlenildi.
Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde goldawa mätäç çagalaryň ençemesi saglyklaryny dikeltdiler. Munuň özi kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan üçin onuň jan saglygy gymmatly baýlykdyr. Beden saglygyny gorap saklamak adamyň özüne bagly. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sowukdan goranmaly, köp keseliň başy sowuklamadan başlanýar. Howanyň her pasla görä özboluşlylygynyň bozulan halatynda, adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykyp bilýär we kellagyry, ukynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär.
Günde irden otaglaryň penjirelerini açyp, içerini ýelejiredip durmaly. Arassaçylygy berk berjaý etmeli. Dynç alşy, gündelik sekiz sagatlyk ukyny bedenterbiýe maşklary bilen sazlaşykly alyp barmaly. Sagdynlygyň gözbaşy bolan witaminlere baý önümler bilen kadaly we dogry iýmitlenmek bedenimize güýç, kuwwat berip, ony dürli kesellerden goraýar, bedeniň goraýjylyk ukybyny artdyrýar, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi dürli keselleriň öňüni alýar, ömrüň dowamlylygyny artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adam saglygy hakynda edilýän aladanyň bimöçberdigini gündelik durmuşymyzda aýdyň görmek bolýar. Mundan beýläk-de, adam saglygy bilen baglanyşykly ýetilen sepgitler geljekde hem öňde goýlan wezipeleri oňyn çözmek üçin esas boljakdygy bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähiminden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Sagdyn ýaşamak ýörelgesine yzygiderli eýerýän, saglyk babatda dogry pikirlenip bilýän adam lukmana diňe barlag we gözegçilik üçin ýüz tutýar. Ol näsaglamagyň öňüni almakda lukmana ýardam berýär... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýşi ýaly, geliň, ömrümiz barada alada edip, saglygymyzy goralyň!
Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasydyr. Ata Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ösen sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Jennet KAKAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.