Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

03-08-26

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr. Onuň mejlislerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler jemgyýetçilik we halk wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle-de olar boýunça çözgütler kabul edilýär.

Ata-babalarymyzyň: «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýşi ýaly, türkmen halky hemişe döwletli işiň başyny tutjak bolanda, ulus-iline geňeş edipdir. Ýaşuly nesle aýratyn hormat goyup, olar bilen hemişe il-ýurt bähbitli işlerini maslahatlaşyp, belli bir karara gelipdirler. Jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklary geçirilip, iň wajyp syýasy-ykdysady meseleleri çözmek giňden ýaýrapdyr. Maslahatyň çözgütleri ýokary orunda goýlup, olara eýerilipdir. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribeler şaýatlyk edýär.

Ýurtda şeýle görnüşde dabaralanýan demokratik gymmatlyklaryň jemgyýete ornaşdyrylmagy bilen adamlaryň medeni, hukuk, syýasy düşünjeliligi ýokarlanýar. Şu özgertmeler bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň institutlary has-da işjeňleşýär. Hukuk döwletiniň, şeýle hem raýat jemgyýetiniň esasy görkezijileriniň biri halkyň häkimiyeti, ýagny raýatlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyny dolandyrmaga ginden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi bolup durýar.

Durmuş-ykdysady ösüşi uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrmak halk hojalygynyň pudaklarynyň deňagramly ösüşiniň esasy ugurlaryny, maksatlaryny, ileri tutulýan wezipelerini kesgitlemek hem-de bu babatda zerur meýilnamalarydyr çäreleri işläp düzmek üçin örän wajyp dyr. Şu jähetden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyn Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmalydygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz bu işleriň paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleri bilen utgaşykly dowam etdirilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi we gazanylýan ösüşleri giňden wagyz etmelidigine ünsi çekdi. Elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam bermek we giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Halkyň arasynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini düşündirmek, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine taýýarlyk görülmegine mynasyp goşantlaryny goşmak her bir syýasy partiýanyň hem-de jemgyýetçilik guramasynyň işgärleriniň mukaddes borjy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatly işleriň halkyň bähbidine gönükdirilmegi hem, ilkinji nobatda, raýatlara aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Öňde durýan möhüm wezipeleri halk köpçüligine, ýaşlara düşündirmekde, wagyz etmekde şäherimiziň jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, degişli edara-kärhanalarynda meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli geçirýäris.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beyläk-de durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete eýedigi nazara alnyp, ýaşlara döwlet ähmiyetli jogapkärli işler ynanylýar.

Beyik işleri, umumadamzat ähmiýetli tagallalary bilen merdana halkymyzy döredijiliki zähmete ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.