Habarlar
Habarlar
TIF 2026: 45-den gowrak ýurt Aşgabatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşar
1-2-nji oktýabrda Aşgabatda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlaýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre 45-den gowrak döwletden işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda dabaraly ýöriş geçirildi
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda harby ýöriş we dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu giň gerimli çäreler ýurdumyzyň berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.
Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyga gatnaşdy
23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen «Parahatçylyk arkaly abadançylyk: Hazarüsti söwda ýoluna we TRIPP-e maýa goýum» atly çärä gatnaşdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener
Türkmenistanda şu ýyl möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29-njy sentýabrda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Türkmen hünärmenleri sanly dolandyryş boýunça sebit okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar
Özbegistanda geçirilen «ICT Week Uzbekistan 2026» çäresiniň çäklerinde Daşkentde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri sebit derejesindäki Sanly dolandyryş boýunça okuw maksatnamasynyň (Digital Governance Training Programme) çärelerine gatnaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.