Habarlar
Habarlar
16ab0bd6ba458b.jpeg
1 hepde ozal
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.

16ab17e71c5e1f.jpeg
1 hepde ozal
ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 35 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.

16ab0b15293760.jpeg
1 hepde ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

16aacdc7df30b9.png
2 hepde ozal
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji işewürlik sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda durnukly ulag geçelgelerini we logistika arabaglanyşygyny ösdürmäge işewür toparlary işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

16aacdb5871424.jpeg
2 hepde ozal
Aşgabatda “C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma” atly seminar geçirildi

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabr aralygynda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegine bagyşlanan “C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma” atly seminar geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.

16aacdab2ebb8a.jpeg
2 hepde ozal
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

17-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär.

16aab7ed243256.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi

16-njy sentýabrda Ko­re­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­ne gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy uni­wer­si­te­tiň ýol­baş­çy­sy Ýu Ji Bom mä­hir­li gar­şy­la­dy.

16aab76a783c31.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, şu gün Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

16aab7feec23aa.jpeg
2 hepde ozal
Türkmenistan durnukly ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Ýerewanda 14-15-nji sentýabrda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de sebitara aragatnaşyklary berkitmäge bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara çäre Ermenistanyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi tarapyndan BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

16aaa31899ccfd.jpeg
2 hepde ozal
Ilkinji türkmen-koreý bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy

Seulda ikitaraplaýyn tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmegiň çäklerinde «Amatly çözgüt» hojalyk jemgyýeti bilen Günorta Koreýanyň «S&T System Inc.» kompaniýasynyň arasynda «Ýerli Tor» bilelikdäki kärhanasyny döretmek barada taryhy şertnama gol çekildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.