Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere beslenýär. Munuň özi Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen strategik gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
Geçen hepde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nobatdaky tapgyry bilen tapawutlandy. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, ekologiýa diplomatiýasyny we sporty işjeň ilerletmegi özünde jemlän geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugruny aýdyň görkezdi.
“Arkadag” topary “Goa” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi
12-nji awgustda Merkezi Aziýanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynyň çäginde ýurdumyzyň “Arkadag” we Hindistanyň “Goa” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Sanly.tm milli portaly kompaniýalar üçin korporatiw elektron poçta hyzmatyny hödürleýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan Sanly.tm Türkmenistanyň milli sanly portaly kärhanalara we guramalara işewürlik işlerini awtomatlaşdyrmak, maglumatlary ygtybarly alyşmak hem-de işgärleriň bilelikdäki işini guramak üçin dürli gurallary hödürleýär.
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady. Bu çäre mynasybetli Hormatly Prezidentimiz ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlagyny ýollady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.