Habarlar
Habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Baku porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 34,6% artdy
Baku halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy deslapky görkezijilere görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,6 göterim artdy. Bu barada Azerbaýjanyň “Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine salgylanyp, “AZERTAC” habarlar agentligi habar berdi.
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
Türkmenistan Hazarüsti geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça seminara gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Baku şäherinde Hökümetara TRASEKA Komissiýasynyň (HKTK TRASEKA) Hemişelik sekretariatynyň merkezinde gibrid görnüşde geçirilen “Multimodal sanly Hazarüsti geçelgesini ösdürmek: usulyýet we indiki ädimler” atly 22-nji halkara seminara gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11-nji sentýabrde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde guralan mejlise GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, agza döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.