DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
15-09-26
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Ýyllar biri-birinden owadan, biri-birinden zyýada gelýär. Halkymyzda “Ýagşy niýet - ýarym döwlet” diýilýär. Munuň özi ýyllarymyzyň atlandyrylyşyndan hem görünýär. Her bir ýylyň özboluşly mazmun bilen atlandyrylmagy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ruhy durmuşynda täze sahypalary açýar. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu şygar - geçmişiň mirasy, şu günüň dabarasy we geljegiň aýdyň maksatlarynyň sazlaşykly jemidir.
Biziň ýurdumyzda arzuwlar hasyl bolýar, päkize niýetler myrat tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belende göterildi. Bedew Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi. Türkmenler ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halk. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna “asman atlary”, “behişdi bedewler” diýlip mynasyp baha berilýär. Ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun aldy. Halkymyz bedew atyň döwlet getirýändigine ynanyp gelipdir. At hakda halkymyzyň öňden gelýän garaýşy bar. Halkymyz şol garaýşy özüniň nakyllarynda, atalar sözlerinde giňden beýan edipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerinde behişdi bedewlerimize belent sarpany duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyzy arzylaýşy hem dünýä nusgalyk. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrdy.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolup, toparyň agzalaryna birnäçe baýraklaryň gowşurylmagy, bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde giň gerimli dabaranyň geçirilmegi döwletimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň durmuşynyň şöhratly ýeňişlerden, buýsançly taryhy wakalardan doly boljakdygyna ynamymyz uly. “At – myrat” diýýän halkymyzda bedew döwletliligiň, arzuwlaryň wysala gowuşmagynyň, maksada okgunlylygyň nyşany hasaplanylýar. Ol bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň hem nyşanydyr. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam bedewleri çarpaýa galyp, ösüşlerden ösüşlere ümzük atýan gadymy türkmen topragy bu günki gün toýlaryň toýlara ulaşýan mekanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly bedewlerimiz ýaly ýeňişli, ýaraşykly, gelşikli, owadan ýyllaryň biri bolsun!
Aýlar GYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyyeti kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.