TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

15-09-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, behişdi bedewlerimize bolan sarpanyň döwlet derejesindäki iň belent dabaralanmasydyr.

Türkmen halkynyň taryhy bütinleýin bedew bilen baglanyşyklydyr. At - türkmen üçin diňe bir ulag ýa-da iş maly däl, eýsem ol maşgalanyň bir agzasy, iň ýakyn dost we ruhy syrdaşdyr. “Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy” diýen pähimli sözleri döreden halkymyz, bedewi öz ene-atasyna berýän hormaty bilen bir hatarda goýupdyr. Bu söýgi müňýyllyklaryň dowamynda süzülip gelen medeniýetiň, merdanalygyň we wepalylygyň nusgasydyr. Ahalteke bedewleri özüniň inçe syraty, ýüpek ýaly ýalçygy, sarymtyl-altynsow öwüşgini we adam bilen düşünişip bilýän täsin akyllylygy bilen dünýäni haýran galdyryp gelýär. Türkmen sährasynyň owadanlygyny we dözümliligini özünde jemleýän bu bedewler, geçmişiň iň howply söweşlerinde-de, iň uly ýeňişlerinde-de halkymyzyň iň ýakyn hemaýatçysy bolupdyr. Gorkut atanyň, Görogly begiň, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde bedew - batyrlygyň we päkligiň simwoly hökmünde sypatlanylýar.

Türkmenistanyň Ahalteke bedewleriniň dünýäde deňi-taýy bolmadyk derejede kämilleşmeginde milli seýisçilik sungatynyň orny örän uludyr. Seýisçilik - bu diňe bir aty saklamak däl, eýsem ony janly sungat eserine öwürmekdir. Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda bedewleriň iýmitine, suwuna, onuň bilen geçirilýän türgenleşiklere we ruhy gatnaşyklara aýratyn üns beripdirler. Bedewi “pellehanada” birinji bolmagy üçin taýýarlamak, onuň bilen dilsiz düşünişmek we atyň kalbyny tapmak - bu seýisçilik sungatynyň iň inçe sypatlarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp eserlerinde belläp geçişi ýaly, ahalteke atçylygy - bu biziň dünýä medeniýetine goşan iň uly goşandymyzyň biridir. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan seýisleriň zähmetini höweslendirmek, atçylyk sportuny ösdürmek we bu ugurda ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap atçylyk toplumlary bu milli sungatyň dowamatlylygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň her bir ädiminde bedew badyny görmek bolar. Biz “bedew batly ösüşler” diýenimizde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, gurluşygyň, ylym-bilimiň we sanly tehnologiýalaryň haýran galdyryjy tizligini göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzyň döwlet tugrasynyň merkezinde Ýanardag atly meşhur bedewiň şekillendirilmegi hem biziň döwletliligimiziň bedew bilen nähili berk baglanyşyklydygynyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda biz - bagtyýar nesiller, mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyna şaýat bolýarys. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralar, milli at üstündäki oýunlaryň dünýä taryhynda yz galdyrmagy biziň kalbymyzy buýsanja doldurýar. Her bir ýylda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy dünýäniň ähli künjeklerinden atşynaslary we alymlary jemläp, türkmen bedewiniň şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Bedewlerimize bolan bu söýgi biziň milli ruhumyzda bar. Ýaş nesiller üçin bedew - bu tutanýerliligiň, merdanalygyň we Watany söýmegiň mekdebidir. Biz bedewe seredenimizde diňe bir gözelligi däl, eýsem pederlerimiziň wesýet eden mukaddesliklerini, tämizligini we wepalylygyny görýäris. Ýaşlaryň atçylyk sportuna bolan gyzyklanmasynyň artmagy, “Galkynyş” atly milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäni haýran galdyrmagy biziň geljegimiziň has-da ýagtydygynyň subutnamasydyr.

Behişdi bedewlerimizi dünýä tanadan, atçylyk sungatyny täze belentliklere göteren we ony biziň milli buýsanjymyza öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Siziň parasatly syýasatyňyz we behişdi bedewlerimize bolan çäksiz söýgiňiz netijesinde, türkmen bedewi bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugynyň ilçisine öwrüldi. Goý, mähriban Watanymyz Türkmenistanyň bedew bady hiç wagt haýallamasyn! Bedewlerimiz elmydama şanly ýeňişlere we bagtyýar pursatlara hemra bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annagül ŞIHLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyyeti kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.