Habarlar
Habarlar
BAGTYÝARLYGYŇ TÄZE BELENTLIKLERI
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şaýolly taryhynda harby, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşler yzygiderli täze basgançaklara göterilýär. Biziň mukaddes Watanymyzda her bir ýyly döwrebap, çeňňekli we çeňňeksiz mazmun bilen şöhlelendirmek, milli buýsanjymyzy arşyň belentliklerine galdyrmak asylly ýörelgä öwrüldi.
Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýoly boýunça atly syýahaty guramagy teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda eden çykyşynda «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek möhüm ähmiýete eýedigini, ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi bolup biljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ABŞ-nyň diplomaty bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 8-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşdy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Pekinde 7-nji sentýabrda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy we içeri işler boýunça ministrleriniň derejesinde duşuşygy geçirilip, hukuk goraýjy we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirilip, iki döwletiň arasyndaky migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanda GDA ýurtlaryň mejlislerine taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi
Duşenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň öňünde eden çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ählumumy ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuna giňişleýin ünsi çekdi.
Ýokary tizlikli awtomobil ýollary Türkmenistanyň ulag ulgamynyň täze mümkinçiliklerini açýar
Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda halkara talaplaryna laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň döredilmegi ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine uly şert döredýär.
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar toparynyň başlyklygyna saýlandy
Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar toparynyň (LLDCs) başlyklygyna saýlandy. Bu karar 3-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş edarasynda geçirilen toparyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiller derejesindäki duşuşygynda biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.