Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
«Türkmenpoçta» Çapar Pay ykjam hyzmatyny ösdürýär
Türkmenistanda täze bilim edaralary we çagalar baglary açylar
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary we çagalar baglary açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi.
Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” kanun taslamasy taýýarlanylýar
Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanda 1-nji sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy badalga alar. Bu çäre esaslandyrylan gününden bäri eýýäm on ikinji gezek geçiriler.
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär
Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.