Habarlar
Habarlar
169856e0110e97.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

16989640d29409.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy

Sözümiň başynda Siziň hemmäňize mähirli salamlarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Azerbaýjan Respublikasynyň hormatly Prezidenti, gadyrly doganym Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň hormatly Premýer-ministri Nikol Paşinýany adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1698424fa9e131.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik forumyna gatnaşýar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Bişkek şäherinde öz işine başlan iki günlük B5+1 formatyndaky işewürlik forumyna gatnaşýar. Bu çäre Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemleýär. Bu barada “24.kg” neşiri habar berdi.

1698962af1fbdd.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

6-njy fewralda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

16984256852c10.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan YHG-nyň Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisinde täze Kararnamanyň taslamasyny hödürledi

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwary–2-nji fewraly aralygynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis 2026-njy ýylyň 11–12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

169856c2a1d517.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1698427afdcb6e.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan bilen BAE hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

16982e205397a9.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanda bäş sany gämi gurmak meýilleşdirilýär

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýakyn wagtda 2 sany Ro-Ro görnüşli parom gämilerini, 3 sany gury ýük gämilerini gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy anna güni habar berdi.

16982e51af3af9.jpeg
1 aý ozal
Ulag ulgamynyň döwrebap ösüşi – halkyň abadançylygynyň möhüm binýadydyr

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary hem-de döwlet derejesinde alnyp barylýan toplumlaýyn syýasat netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiziň awtoulag düzümi dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän döwrebap, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary bilen baýlaşdyrylýar.

16982d9cf8a6e1.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda £102 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 102 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.