Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
“Dostluk” atly nebit tankeriniň Türkmenistana gowşurylmagy azerbaýjan-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. ‘Baku gämi gurluşyk zawodynda gurlan “Dostluk” tankeriniň Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana gowşurylmagy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we özara ynamyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm) jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir
Türkmenistanyň ýaşaýjylary jemagat hyzmatlar üçin tölegleri uzakdan amala aşyryp bilerler. e.gov.tm döwlet portalynda jemagat hyzmatlaryň töleglerini onlaýn tölemäge mümkinçilik berýän doly hyzmat elýeterlidir. Bu hyzmat nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar.
Eksport gözegçiligi hem-de strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçilik etmek boýunça türkmen-özbek bilelikdäki okuw geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň Gümrük instituty tarapyndan bilelikde okuw çäresi geçirildi. Bu çäre iki ýurduň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde hem-de 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki okuwlaryň Meýilnamasyna laýyklykda guraldy.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslar üçin kiçi, orta we iri telekeçilige niýetlenen «Call-center» hyzmatyny hödürleýär.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýär. Edarany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň çäklerinde, gullugynyň wekilleri şu ýylyň iýun aýynda birnäçe iri daşary ýurt we sebitara çärelerine gatnaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.