Habarlar
Habarlar
Türkmenistanda habar beriş serişdelerinde harytlara galp mahabat edenlere jerime salnar
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň görnetin galp mahabat boýunça jogapkärçilige bagyşlanan 3121-nji madda girizilen üýtgetmeler güýje girip başlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanuna 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi.
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
Geçen hepde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan, Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.
Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen “Huawei” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sanly bilim, emeli aň, maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Brýusselde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiligi tanyşdyryldy
Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde ýurduň ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Kontinentleri birleşdirmek: Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mowzuklaýyn çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Saglygym - baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda sportuň we sagdynlygyň aýyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Saglygym - baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti BGG-niň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Brýusselde ýerleşýän ştab-kwartirasynda guramanyň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň web saýtynda habar berildi.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy täze mümkinçilikleri açýar
Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy sanly infrastrukturanyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup biler. Bu barada “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Denis Ýudiniň aýdanlaryna salgylanyp, Trend agentligi duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.