Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

27-04-26

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.

Beýleki ençeme döwletler bilen bir hatarda, strategik hyzmatdaş hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklar barha ösdürilýär hem-de hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan wagtyndan Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygy hökmünde özara-deňhukukly gatnaşyklary ýol goýdy. 2002-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, 2017-nji ýylda RF-niň Prezidenti W.Putiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama gol çekilmegi iki ýurduň özara gatnaşyklaryň döwrüň talabyna görä, yzygiderli ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynda (noýabr, 2022ý.) Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryny asyrlaryň çuňlugyna uzaýan goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär, munuň özi mizemez dostlugyň binýadyny döredýär, diýip aýdan sözlerini aýratyn ýatlasymyz gelýär.

Şu ýerde milletleriň özara gatnaşyklarynda dil bilmekligiň ähmiýetiniň uludygyny, has takygy – milletleriň özara ysnyşmaklarynda onuň örän zerurdygyny belläp aýtmak isleýärin. Çünki köp dil bilýän adamyň intellektual derejesi ýokary bolup, ol kämilleşen şahsyýete öwrülýär. Durmuş hakykatyndan ugur alsaň, öň hem, Adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ösüş döwründe hem köp dil bilmeklik taryhy zerurlyk bolupdyr diýmek ýalňyş bolmaz. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň, şol sanda arap, iňlis, rus, nemes, ýapon, hytaý we beýleki milletleriň dillerini öwrenmekleri we olary kämil özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar.

Ýurdymyzda rus diline berilýän ünsüň aýratynlygyny bellemek gerek. Rus dili çagalar bagyndan başlap orta mekdeplerde, dürli derejedäki hünär berýän, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Okuw mekdeplerinde rus dilinde okaýan toparlar bar. Ýörite, A.S.Puşkin adyndaky rus mekdebi (Aşgabat ş.) işleýär. Ýakyn geljekde Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň filiallaryny açmak göz öňünde tutylýar. Bu meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen-rus ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň  giňeldilmegine hem-de berkidilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň döwrebab derejede bilim almaklary, ylym öwrenmekleri – şunlukda öz hünäriniň ussady, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply hem-de başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär, tagallalar edýär. Beýleki döwletler, milletler bilen özara bähbitli köpugurly gatnaşyklary ýola goýýar. Şolaryň hatarynda ylym-bilim, medeni-gumanitar gatnaşyklara hem üns berilýär.

Biziň institutymyzda hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň tanymal, dürli derejedäki okuw mekdepleri bilen onlaýn arkaly okuw sapaklary, ylmy-amaly maslahatlar hem-de bäsleşikler geçirilip durulýar. Bu tagallalaryň hemmesi biziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredýär.

-  “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar höhmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”, diýmek bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär.

Ýurdumyzyň geljegi, ýaş nesillerimiziň hem-de ähli türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin dyngysyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, alyp barýan belent maksatly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Annasoltan MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institynyň 4-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.