Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
30-07-26
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
Merkeziň açylmagy kazyýet lukmançylyk seljermesiniň hilini täze derejä çykarmaga, häzirki zaman ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ornaşdyrmaga we halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmaga giň ýol açdy. Bu ýerde ulanylýan döwrebap enjamlar, kämil barlag usullary we ýokary taýýarlykly hünärmenler her bir seljermäniň ylmy esasda, takyk we ygtybarly geçirilmegini üpjün edýär.
Soňky on ýylyň dowamynda Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy dürli ugurlar boýunça möhüm netijeleri gazandy. Jesetlere geçirilýän kazyýet lukmançylyk seljermesi, diri şahslaryň beden şikesleriniň şaýatlamasy, kazyýet-himik, kazyýet-biologik, molekulýar genetik, kriminalistik, gistologik we beýleki ýöriteleşdirilen barlaglar ýokary hünär ussatlygy tarapyndan alnyp barylýar. Bu bolsa adyllygyň üpjün edilmegine, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna we kanunyň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşýar.
Merkez diňe bir kazyýet lukmançylyk seljermesi işleri bilen çäklenmän, eýsem ylmy-barlag işleriniň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berýär. Ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy, tejribe alyşmak, ylmy maslahatlaryň we okuwlaryň geçirilmegi kazyýet lukmançylygynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine ýardam edýär.
Merkezi kazyýet lukmaçylygy edarasynyň kazyýet-himiýa barlaghanasynyň 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ISO/IEC 1705:2017 halkara standartyna laýyklyk akkreditasiýa sertifikatyna mynasyp bolmagy, barlaghanalarda sanly tehnologiýalaryň, molekulýar genetiki barlaglaryň we innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy edaranyň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Bu bolsa kazyýet lukmançylyk seljermasiniň takyklygyny ýokarlandyryp, olaryň halkara talaplaryna laýyklykda geçirilmegine şert döredýär.
Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasynyň 10 ýyllyk şanly baýramy geçen döwrüň üstünliklerini jemlemek bilen bir hatarda, geljekki uly maksatlara ruhlandyrýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ylmyň we tehnologiýanyň ösüşi bilen birlikde bu ugurda hem täze belent sepgitleriň eýelenjekdigine berk ynam döredýär.
Merkeziň işgärleriniň yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy we Watana bolan wepalylygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegine, kazyýet lukmançylygynyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýar. On ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler geljekde has uly sepgitlere ýetmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.
Soňky on ýylyň dowamynda Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasynda döwrebap ylmy-tehnologik mümkinçilikleriň giňden ornaşdyrylmagy seljermeleriň hilini düýpli ýokarlandyrdy. Häzirki zaman mikroskoplary, sanly şekil ýazgy ulgamlary, barlaghana enjamlary hem-de ýöriteleşdirilen barlag usullary hünärmenlere her bir ýagdaýy ylmy esasda içgin seljermäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa netijeleriň takyklygyny artdyrmak bilen birlikde, seljerme işleriniň halkara tejribelerine laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam edýär.
Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasynda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biridir. Tejribeli lukmanlar ýaş hünärmenler bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar, okuw sapaklary, usuly maslahatlar we amaly türgenleşikler geçirilýär. Şeýle çäreler işgärleriň nazary we amaly taýýarlygyny kämilleşdirip, ýokary hünärli kazyýet lukmançylyk bilermenleriniň kemala gelmegine goşant goşýar.
Edarada kazyýet lukmançylygy, morfologiýa, patologik anatomiýa we barlaghana anyklaýyşy boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Alnan netijeler ylmy maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylýar, makalalar çap edilýär we okuw işine ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, ylmy gözlegler diňe bir teoriýany däl, eýsem amaly saglygy goraýyş ulgamyny hem baýlaşdyrýar.
Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy jemgyýetde adyllygyň üpjün edilmegine möhüm goşant goşýar. Bilermenleriň taýýarlan ylmy esaslandyrylan netijenamalary hukuk goraýjy edaralaryň işinde möhüm subutnama bolup hyzmat edýär. Bu bolsa kanunylygyň berjaý edilmegine, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna we jemgyýetde ynamyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasynyň 10 ýyllyk şanly senesi geçen döwrüň üstünliklerine mynasyp baha bermek bilen birlikde, täze maksatlara ýetmek üçin ruhlandyrýan möhüm waka bolup durýar. Yhlasly zähmet, ylmy çemeleşme we innowasion ösüşler kazyýet lukmançylygy gullugynyň geljekde hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy ornuny saklap galjakdygyna berk ynam döredýär.
Annamuhammet REJEPOW,
Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasynyň başlygy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.