TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
10-07-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
Ajaýyp döwrümizde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçiliklerdir şertler döredilen. Talyplar kaşaň, oňaýly, dünýä ülňülerine kybap gelýän, ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binalarda bilim alýarlar.
Talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini ylmy-okuw barlaghanalarynda tejribe geçmek bilen, iş ýüzünde amala aşyrylýan işleri synlap bilimlerini özleşdirýärler. Okuw mekdebiniň ýöriteleşdirilen barlaghanalary döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň ähli görnüşleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu mümkinçilikler talyplarymyzyň dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri barada täze-täze başlangyçlary öňe sürýärler. Munuň netijesinde döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň sany gün geçdigiçe artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy ýaşlaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni, röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr.
Annamuhammet HAJYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.