Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
03-08-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Toý-baýramlara beslenýän mukaddes watanymyzda asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan miras bolup, nesillerden-nesillere geçip gelýän il bolup geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli dowam etdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda – 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu mizemez hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolar.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işlerine resmi taýdan badalga bermekde möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydygy hakynda hem aýtdy. Şeýle hem bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzda sanly ulgamyň işini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mysalynda şähergurluşyk maksatnamasyna sanlylaşdyrmak wezipelerini girizmek babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhymyzda ata-babalarymyz tarapyndan örän baý tejribeler toplanyp, pederlerimiziň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklary geçirilipdir. Munda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerden ugur alnyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilipdir. Häzirki wagtda hem şol asylly ýörelgeler dowam edýär. Ilatymyzyň giň gatlaklaryny möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişli bolup durýar.
Türkmen halkynyň taryhy köklerine nazar aýlasak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek, ýaşulularyň paýhasyna daýanmak, umumy bähbidi şahsy isleglerden belentde goýmak ýaly ajaýyp ýörelgeler asyrlar aşyp gelýär. Halk Maslahaty şol gadymy demokratik ýörelgeleri häzirki döwrüň döwlet gurluşynyň talaplary bilen utgaşdyrýan, türkmen döwletlilik pelsepesiniň täze eýýamdaky özboluşly beýany hökmünde ýüze çykýar. Şu jähetden, geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň hem döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygyny buýsançly bellemek gerek.
Şu ýyl, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede geçiriljek Halk Maslahaty il-ýurt hem-de tutuş adamzat ähmiýetli işleriň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň aýdyň kepilidir. Biziň ajaýyp ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy, ilkinji nobatda, halkymyza goýulýan aýratyn sarpa, diňe halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alnyp barylýan işler bolup durýar. Döwletlilik ýörelgelerimiz dowam etdirilýär, taryhda yz galdyran, beýik işleri bitiren pederlerimiziň, meşhur şahsyýetlerimiziň mertebesi saklanylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Olara asylly ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz düşündirilýär, wagyz edilýär.
Belent tutumly işlerini diňe halkynyň aladasyna gönükdirýän, ýurdumyzy diňe ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.