Habarlar
Habarlar
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliki syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy
«Aeroflot» «Belavia» belarus awiakompaniýasy bilen interlaýn ylalaşygynyň çäklerinde awiapetekleriň satuwyna başlady. Indi ýolagçylar Minsk arkaly Gruziýa, Ysraýyla we Türkmenistana bir bitewi petek bilen syýahat edip bilerler diýip, Russiýanyň awiakompaniýasy habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
9-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy ýaşaýyş jaýyň suw üpjünçilik ulgamyny abatlamak üçin suw geçiriji turbalary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
9-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.
Hytaýdan Türkmenistanyň Balkan welaýatyna täze demir ýol ýük gatnawy ýola goýuldy
Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Sinin şäherinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky ýük terminalyna täze göni demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Täze ugur Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu barada döwlet teleýaýlymy CCTV habar berdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Sizi sahawatly türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bütindünýä banky Türkmenistanyň suw we ulag taslamalaryny goldamaga taýýar
Bütindünýä banky Türkmenistanyň suw hojalygy we ulag ulgamy boýunça ileri tutulýan taslamalaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasy Daşkent şäherinde bankyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Merdanguly Pälwanow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça X sosial sahypasynda habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.