Habarlar
Habarlar
1697069492ae4e.jpeg
1 aý ozal
Aşgabat şäher häkimligi täze sanly hyzmaty ýola goýdy

Aşgabat şäher häkimligi Ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň «Ýazga durmak» boýunça hyzmatynyň indi dolulygyna sanly görnüşe geçirilendigini mälim edýär.

16971a465ebcbe.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

169706b4e145a0.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan FIFA-nyň milli ýygyndylar reýtingindäki ornuny saklap galdy

2026-njy ýylda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) milli ýygyndylar reýtinginiň ilkinji täzelenmesiniň jemlerine laýyklykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy öz ornuny saklap galdy. Türkmenistanyň ýygyndysy 137-nji orny eýeläp, Filippinleriň ýygyndysy (136-njy orun) bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň ýygyndysynyň (138-nji orun) arasynda ýerleşýär.

169705ae135d59.jpeg
1 aý ozal
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän ykdysady forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1697064cd08000.jpeg
1 aý ozal
Döwlet hyzmatlary portalynda «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň kartlary üçin onlaýn arza tabşyrmak ulgamy elýeterlidir

Türkmenistanyň e.gov.tm Bitewi döwlet hyzmatlary portaly arkaly «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny resmileşdirmek üçin onlaýn arza tabşyrmak ulgamy elýeterlidir.

169706e713e678.jpeg
1 aý ozal
Aragatnaşyk hyzmaty kämilleşdirilýär

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda uzak durumlylygy, geçirijilik göwrüminiň giňligi we hyzmatynyň ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan optiki-süýümli geçirijileriň 100 kilometrden gowragy çekildi. Munuň özi şäher we oba ilatyna edilýän aragatnaşyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de möçberiniň artmagyna mümkinçilik berýär.

1696f1ac80315d.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanda ýükleri daşamagy amala aşyrýanlaryň işini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy resminama bellige alyndy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýanlaryň işini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy resminamany döwlet tarapyndan bellige aldy.

1696f13d746467.jpeg
1 aý ozal
Sanly.tm portaly işewürligi sanlylaşdyrmaga we maglumatlaryň goragly alyş-çalyş edilmegine ýardam berýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan döredilen Türkmenistanyň milli sanly portaly Sanly.tmulanyjylara işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak hem-de maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalyş edilmegi üçin gurallary hödürleýär.

1696f14fae569c.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça pudagara topary döreder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

1696f130567474.jpeg
1 aý ozal
“Arkadag” - “Al-Nassr” oýnuna petekleriň onlaýn satuwy başlandy

Aşgabat şäheriniň häkimligi AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyna — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýnuna petekleriň onlaýn satuwynyň başlandygyny habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.