Habarlar
Habarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamlarynda hem durnukly ösüşiň gazanylandygyny, düzümleýin özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýdyň görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
...Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.
Astrahan Oblasty we Türkmenistan gämi gurluşyk kärhanalarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekçi
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow bilen Astrahan oblastynyň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Taraplar 2025-nji ýylyň Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýyly bolandygyny bellediler.
Özbegistan – Oman: Türkmenistanyň, Eýranyň ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk ösdürilmekçi
Özbegistan bilen Oman Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman ulag geçelgesiniň ähli gatnaşyjylary bilen bilelikde Aşgabat Ylalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy
Kanat ýolunyň gurluşygy üçin niýetlenen, agramy 80 tonna bolan ýöriteleşdirilen kabel ýüki Fransiýadan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip Özbegistana bardy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzy mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem şolaryň biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.