Habarlar
Habarlar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär.
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
19-njy maýda paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilen forum “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
Geçen hepde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyny, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünlikli häsiýete eýedigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.
Galla oragy möwsüminde awtoulag hyzmatlaryny guramaçylykly amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Özbegistan Türkmenistanyň portlarynda gämi flotuny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär
Özbegistan geljekde dörediljek ýük daşaýan gämi flotuny Türkmenistanyň we Gazagystanyň deňiz portlarynda ýerleşdirmek mümkinçiligine garaýar. Bu başlangyjyň Özbegistana eksport-import ýükleriniň durnukly geçirilmeginiň üpjün edilmegine we üstaşyr ugurlarda ýükleriň daşalmagyna ýardam berer diýlip garaşylýar. Bu barada Upl.uz neşiri habar berdi.
RŽD: Türkmenistana syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmekde mümkinçilikler bar
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde “Russiýanyň demirýollary” kompaniýasynyň (RŽD) baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow Türkmenistana syýahatçylyk boýunça demir ýol ugurlaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu waka bagtyýar öý eýeleri üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
18-nji maýda gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Berkarar döwletimiz sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrdy
Türkmenistanyň paýtagtynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirilýär. Bu wekilçilikli forum adatça hereketleri utgaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebitiň demir ýol edaralarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esasy meýdança bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty
Ýakynda işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm gurala öwrüldi. Bu hyzmat arkaly fewral-aprel aýlarynda 201 ýüz tutma kabul edilmegi, onuň raýatlar we işewürler üçin derwaýyslygyny we zerurlygyny aýdyň görkezýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.