Habarlar
Habarlar
168a40dee6b7f9.jpeg
2 aý ozal
Transhazaryň optiki-süýümli kabelini çekmek üçin deňizasty ugurlary öwrenilýär

“Sanly Ýüpek Ýoly” taslamasynyň möhüm bölegi bolan Transhazar optiki-süýümli kabel geçirijini çekmek boýunça deňziň astyndaky ugurlary öwrenmek işleri başlady. Taslama, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirjek täze sanly aragatnaşyk geçelgesini döretmäge gönükdirilip, geljekde bu geçelge Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçiriler.

168a40b0da3eb0.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanda Li-Fi ulgamyna geçmek barada maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň wajyp meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

168a40317ddab1.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan TIF-2025 forumyna taýýarlanýar: halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler

2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy — TIF 2025 geçiriler. Forum sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meýdançasyna öwrüler.

168a401d81741e.jpeg
2 aý ozal
"Arkadag Medisina Klasteri" we Haýyr-sahawat gaznasy “Kids EXPO-2025” sergisine gatnaşar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda 21–23-nji awgust aralygynda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda gaznanyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

168ac081e87880.jpeg
1 aý ozal
Ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Garaşsyz Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýändigini aýdyň görkezdi.

168abffadd6eb7.jpeg
1 aý ozal
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler

22-nji awgustda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy.

168a2bc2280d88.jpeg
2 aý ozal
Türkmenbaşy porty ýarym ýylda 4 mln tonnadan gowrak ýük geçirdi

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynyň dowamynda 4 mln 209,5 müň tonna ýük geçirdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

168a2bae17ea0f.jpeg
2 aý ozal
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi

“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda demir ýol daşamalarynyň operatory hökmünde Türkiýe – Türkmenistan – Gyrgyzystan ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada TULM habar berýär.

168abf20607687.jpeg
1 aý ozal
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler

22-nji awgustda “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len gel­di.

168a2b95e5c2c4.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan-Özbegistan: Türkmenbaşy porty arkaly eksport-import amallaryny giňeltmek maslahatlaşyldy

Awazada 5–8 awgust aralygynda geçirilen BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji konferensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdiýew we demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen duşuşyk geçirdiler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.