Demir ýol arkaly hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak — Aşgabat forumynyň esasy maksady

14-05-26

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işini dowam etdirýär. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän Halkara mejlisiň ikinji iş gününde oňa gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de GDA agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

Paýtagtymyzda ýerleşýän “Ýyldyz" myhmanhanasynda geçirilýän forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybarat bolup durýar.

Mejlisiň dowamynda demir ýol ulagy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini esasy ugur edinýändigini nygtadylar. 

Geneşiň mejlisiniň çäklerinde «Ýaş demirýolçylaryň» 2-nji forumyny hem dabaraly ýagdaýda geçirildi. 

Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Çykyşlarda forumyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna esasy agza döwletleriň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamakda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasyna aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, çykyş edenler GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisde hut şu ugurlar boýunça özara pikir alşylmagynyň ähmiýetini bellediler.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň we GDA agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýän Teswirnama gol çekilmegine garaşylýar.

16a06a6ebcab20.jpeg
Berkarar döwletimiz sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Türkmenistanyň paýtagtynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirilýär. Bu wekilçilikli forum adatça hereketleri utgaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebitiň demir ýol edaralarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esasy meýdança bolup çykyş edýär.


16a06aef0c4500.jpeg
Aşgabat – Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny mälim edýär. Bu başlangyç geljekki tomus möwsüminde raýatlaryň Hazaryň kenaryna bökdençsiz barmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.


16a06adb3edf07.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty

Ýakynda işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm gurala öwrüldi. Bu hyzmat arkaly fewral-aprel aýlarynda 201 ýüz tutma kabul edilmegi, onuň raýatlar we işewürler üçin derwaýyslygyny we zerurlygyny aýdyň görkezýär.


16a06aafa0f723.jpeg
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek ulag-logistika forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen kompaniýalary 2026-njy ýylyň 9–10-njy iýulynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek “CENTRAL ASIA TRANSPORT, LOGISTICS & INVESTMENT FORUM 2026” atly halkara maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada “Türkmen Logistika” assosiasiýasy çarşenbe güni habar berdi.


16a0553736ee5f.jpeg
Demir ýol arkaly hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak — Aşgabat forumynyň esasy maksady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işini dowam etdirýär. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän Halkara mejlisiň ikinji iş gününde oňa gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de GDA agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.