Habarlar
Habarlar
16a225162f40f1.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.

16a1fafefb19d2.jpeg
2 aý ozal
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy.

16a1e8060f09b0.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň ähli ýerinde internet: TELECOMWIFI mümkinçilikleri barada ýatladýarys

«Türkmentelekom» kompaniýasy TELECOMWIFI simsiz internet ulgamyny giňeldýär. Häzirki wagtda ýokary tizlikli internet elýeterlilik nokatlary Türkmenistanyň ähli köpçülikleýin ýerlerinde, şol sanda howa menzillerinde, demir ýol menzillerinde we dynç alyş seýilgählerinde ýerleşdirildi.

16a20fff5b1f6a.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

16a1fac27ac4f3.jpeg
2 aý ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

16a1e776be58ed.png
2 aý ozal
Türkmen telekeçileri “Bucharest Auto Show & Accessories 2026” sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 6 — 11-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki “Romexpo” sergi merkezinde geçiriljek 23-nji halkara “Bucharest Auto Show & Accessories 2026” sergisine çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.

16a1e6567b96b3.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16a1e68179ab80.jpeg
2 aý ozal
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Munuň özi Watanymyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykardy. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

16a1d20072773a.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwaty täze ösüş basgançaklarynda

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda awtomobil ulaglary pudagyna strategik orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň ulag syýasaty dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň gurluşygyna we pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Sebäbi täze, ýokary tizlikli ýollar diňe bir ýolagçy we ýük gatnawyny çaltlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm sütünine öwrülýär.

16a1d1b5e9610d.jpeg
2 aý ozal
Türkmenistan GDA ýurtlaryna Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýar

Türkmenistan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň bähbitleri üçin Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny ulanmaga bermäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky wagtlaýyn ynanylan wekili Serdar Durdyýew RF-niň Federasiýa Geňeşinde geçirilen “Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna 35 ýyl: jemler, wezipeler, geljekki mümkinçilikler” atly tegelek stoluň dowamynda aýtdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.