Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar
22-12-25
Döwletliligiň sakasynda saglyk bar. Her bir haýyrly işi amala aşyrmak üçin hem ilkinji nobatda, saglyk gerek. Saglyk döwlet daragtynyň ösmegini üpjün edýän kök. Ol ähli beýik meýilnamalarymyzyň we oý-pikirlerimiziň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi netijesinde bu ugurda ýokary derejelere, belent sepgitlere ýetilýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi halkymyza häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilik döretdi.
Halkymyza gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym» diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylýar, indi her ýyl däp bolşy ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramyna öwrülen saglyk aýy geçirilýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän endiklere garşy göreş çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň esasyny düzýär. Halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanyşykly bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda maşgala lukmançylygynyň döredilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak meselesi has-da düzgünleşdirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan birnäçe halkara saglygy goraýyş merkezleri, welaýatlarda gurlan saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleri ilatyň saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we olary öz wagtynda anyklamakda uly ýardam berýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrlarynda lukmançylykda häzirki zaman şypahana-dynç alyş ulgamy döredildi we ýurdumyzyň derman senagaty berkidildi. Saglygy goraýşy öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, kanunçylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp amala aşyrylýar. Bu işler abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy keseli bejermek däl-de, keseliň öňüni almak, keseli döredýän sebäplere täsir etmek netijesinde uly özgerişlere, üstünliklere ýetdi. Ilatyň arasynda hökmany immunologik öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejeli ýola goýulmagy bilen keselçiligiň derejesi düýpli azaldy. Saglygyň dünýä derejesinde global mesele bolup durýan döwründe ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga, dürli keselleriň öňüni almaga, şahsy gigiýenany berjaý etmäge, umuman, her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukmagyny gazanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ähli edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, mekdeplerde lukmanlar tarapyndan ýörite wagyz-nesihat çäreleri geçirilip, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi ündelýär. Howanyň ýaramaz täsirlerinden goranmak maksady bilen agyz-burun örtüklerini ulanmak, ýygy-ýygydan elleriňi sabynlap ýuwmak, adamlar bilen aralygy saklamak ýaly saglygy goraýyş düzgünlerini berjaý etmek babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly monografiýasy, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk — saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýe boldy.
Ylmy taýdan öwrenilende tebigat adamzadyň ilkinji öýüdir, diýmek tebigatda ösüp ýetişýän dürli ösümlikler hem biziň üçin gymmatly derman, ýaşaýyş güýji bolup durýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goraýan, bejerýän, adam bedenini gurplandyrýan dermanlyk ösümlikleri näçe diýseň bar. Bedenimizde yssa, sowuga hem dürli kesellere garşy baý immunitet ulgamyny döretmekde, ösümlikleri ýerlikli peýdalanmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasy gollanma bolup durýar.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde sagdynlygyň ýurdy diýlip tanalýan ata Watanymyzyň halkara abraýy has-da belende göterilsin! Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri dowam etdirýän we durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.