Sagdynlyk bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň sakasydyr

31-10-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän endiklere garşy göreş çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň esasyny düzýär. Halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanyşykly bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň kanunçylyk-hukuk binýadynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde şunuň ýaly kanunlaryň, döwrebap usullary ulanmak bilen, saglyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmegi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmagy maksat edinýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr.

Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş babatda halkara guramalary we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olaryň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy aýratyn orunda durýar. Hususan hem, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatda BSSG-sy bilen oňyn gatnaşyklar alnyp barylýar.

Ilata edilýän lukmançylyk kömegini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek üçin ähli şertler döredilýär. Adamyň sagdyn ýaşamagy, kesellerden goranmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmelidigi ündelýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine sagdyn iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, akyl zähmetini fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, zyýanly endiklerden gaça durmak ýaly birnäçe endikler degişli hasaplanýar. Wagtly-wagtynda iýmitlenmek, bedeni ýeterlik mukdarda beloklar, ýaglar, witaminler, uglewodlar bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Iýmit önümleriniň düzüminde saklanýan witaminler toplumy beden agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar, immuniteti pugtalandyryp, keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Her bir adam keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. Elleriňi sabyn bilen ýuwmak, miweleri we gök önümleri gowy ýuwup iýmek keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Her bir adam bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy gündelik endige öwrülmelidir. Sport bilen meşgullanýan adamyň bedeniniň kesellere garşy göreşijiligi ýokarlanýar, şähdi açylýar, işjeňligi ýokarlanýar, çalasyn we tutanýerli bolmak häsiýetini kemala getirýär. Arassa howada gezmelemek, dem almak adama oňyn täsir edýär.

Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Türkmenistan döwletimizi sportuň, saglygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary mydama rowaçlyklara beslensin!

Gülnabat TOŞŞYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.