Habarlar
Habarlar
Halk bähbitli özgertmeler durmuşa geçirilýär
«Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmäge ýardam eder» diýip belleýän Milli Liderimiziň bu asylly işlerini ynamly dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.
HALY — TÖRÜMIZIŇ BEZEGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmen halysy milli gymmatlyklarymyzyň buýsançly dünýäsini bezeýän baýlygymyzdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly-palas dokamagyň, keçe etmegiň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň şu günlerimize ýetirdi. Her bir haly-palas gölleriniň, keçeleriň täsin nagyşlarynyň dünýäsi bar.
EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.
Sanly tehnologiýalar — durnukly ösüşiň girewi
Ata Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegi, özgermegi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda düýpli işleriň alnyp barylmagy, giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ykdysadyýetiň eksport ugruny ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden, ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.
Saglygym - baýlygym
Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat.
SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET
Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan raýatlarymyzyň saglygy barada uly alada edilýär. Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr.
Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy
Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir.
RUHY DÜNÝÄMIZI BAÝLAŞDYRÝAN ÇEŞME
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
RUHY DÜNÝÄMIZI BAÝLAŞDYRÝAN ÇEŞME
Şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi halky ruhlandyrýar. Munuň özi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.