PARAHATÇYLYGY HEM-DE DOST-DOGANLYGY ÖSDÜRÝÄN ÝÖRELGE
18-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.
Ýeri gelende bellesek, geçen 2024-nji ýyl eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyny üstünliklere beslän, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde bilim we terbiýeçilik, saglygy goraýyş, sport, medeni, önümçilik we dürli durmuş maksatly ençeme binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işler peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu jähetden, her ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly asylly däbe eýerilip, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy örän buýsandyryjy wakadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň millet hem döwlet, adamzat hem dünýä baradaky garaýyşlarynyň, dünýäniň belent münberlerinden eden çykyşlarynyň, ýazan kitaplarynyň içinden parahatçylyk, ynanyşmak baradaky parasat eriş-argaç bolup geçýändir. Bu aňyrlardan gaýdan güýçdür, nesilden-nesle, atadan-ogla geçip gelýändir. “Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy” diýýän Milli Liderimiz ol mekdebi öz parasadyna ýugrup, ösdürip, döwlet syýasatynyň süňňüne siňdirip geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem bu beýik mekdebi - peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Şu mekdebiň gymmatlyklaryna arka durup, halkymyzy hem döwletimizi beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasat nury siňen, dünýäniň iň abadan, iň rahat ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzy täze ösüşler bilen bezeýär. Bu işler sebitleri, yklymlary - bu gowgaly dünýäni galkyndyryp bilýän, oňa iň dogry ýoly salgy berip bilýän güýje eýedir!
Biziň halkymyz garaşsyzlygy, döwletliligi söýýän halk. Ösüşi, parahatçylygy söýýän halk. Dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy, mertligi, ýürekdeşligi hemişe ileri tutup gelen, däp-dessura, kanuna öwren halk. Halkymyz geçen asyrlaryň dowamynda şulary arzuw etdi, şular ugrunda göreşdi, şular üçin tagalla etdi, şular üçin ýaşady. Döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň esaslarynda hem gadymy ýörelgelerimiz durandyr. Bitaraplyk syýasaty berk milli häsiýetlere kök urup ösendir, şoňa laýyklykda, döreýiş hem ösüş gözbaşlaryndan bäri beýleki halklar, döwletler bilen gatnaşyklary sazlaşykly guramaga gönükdirilendir. Hawa, milli ýörelgeler ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynda şöhlelenýär. Şol binýada daýanylyp, bitaraplyk öňe sürlendir, döwre görä ösdürilendir, döwlet syýasatynyň özenine, döwletiň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň düzgünine öwrülendir. Bitaraplygy arkaly türkmeni, onuň döwletini dünýä täzeden, has ýakyndan tanady. Türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, parahat durmuşy, ynanyşmagy, adalatly, mert, dostlukly, kämil gatnaşyklary isleýän adamzat üçin nusga boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu waka Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Türkmenistan adam hakyndaky aladany ileri tutup, bu ugurdaky gadymy hem kämil ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýup gelýär. Müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň döwletimiz — ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurt, şunuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, dünýäniň ösüşlerine ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýän ýurt. Dünýä üçin abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny berýän ýurt. Türkmenistan müňýyllygyň kitabyna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Bu gün türkmen topragy täze ösüş döwrüni başdan geçirýär. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň iň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüldi. Parahatçylygy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ösüşleri gazanmagyň, ruhy ýakynlygyň iň ygtybarly ýollary türkmen parasady bilen dünýä aýlanýar. Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn!
Halym HALYMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.