INNOWASION ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

24-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär.

Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar. Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym-bilim täzeliklerini, öňdebaryjy innowasion tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda biz - bilim işgärleri  döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.

Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň maddy-tehniki binýady hökmünde, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda zamanabap kompýuter, multimedia enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin zähmet çekýäris. Munuň üçin bize ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys!

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň okuw müdiri.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.