MAGTYMGULY PYRAGY TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY HEM-DE AKYLDARY
18-06-25
Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy – öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ynha, ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansoýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr. Esasan hem, milli ruhumyzy kemala getiren gymmatlyklar, has takygy, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, milli aňyýet milli dünýägaraýyş hakynda okamak has-da täsirli bolup durýar. Bu watansöýüjiligi has-da belende göterýär, asylly ýörelgelere bolan sarpany artdyrýar, nusgawy edebiýat hakyndaky düşünjäni has-da baýlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaby akyldar şahyryň döredijilik dünýäsine düşünmäge aýdyň ýoldur, dury çeşmedir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, akyldar şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan edebi mirasyny, gadymdan gelýän dilimiziň gymmatly baýlygyny çuňňur öwrenmekde nusgawy kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Taryhy uzak müňýyllyklardan gözbaş alýan halkymyzyň baý edebiýaty, dili hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenmek, geçmişde ýaşap geçen parasatly akyldarlarymyzy dünýä ýaýmak asylly we beýik ýörelgedir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl boldy. Häzirki döwürde asuda Watanymyz, parahat, agzybir, erkana halkymyz bar, bularyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Nusgawy şahyryň watançylygy, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasynda özüne mynasyp orna eýedir.
Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti çäksizdir. Akyldar şahyrymyz öz goşgy setirlerinde agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Hut şoňa görä-de, ýaş nesli milliligimiz we ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi bilen terbiýelemekde Pyragynyň eserleri gymmatly gollanmadyr. Milli gymmatlyklarymyzy täzeden galkyndyrýan, pederlerimize we olaryň baý döredijiligine uly hormat goýýan, dana pederlerimiziň bize goýan ylmy-edebi mirasyny düýpli öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Söhbet GURBANALYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.