Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
18-06-25

Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Şunda hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir.
Pähimdar pederlerimiziň il-günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlarys. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetliligiň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk - halkymyzyň aňyýetine, ruhy dünýäsine, ahlak gymmatlyklaryna ornaşan taglymat. Ol döwletimiziň, halkymyzyň abraý-mertebesini tutuş äleme ýaýdy, ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam etdi, asudalykda, agzybirlikde ýaşamaga giň ýol açyp, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerimizi dünýäde giňden dabaralandyrdy.
Ýeri gelende bellesek, geçen 2024-nji ýyl eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyny üstünliklere beslän, şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde bilim we terbiýeçilik, saglygy goraýyş, sport, medeni, önümçilik we dürli durmuş maksatly ençeme binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işler peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu jähetden, her ýyly döwrebap atlandyrmak bilen bagly asylly däbe eýerilip, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy örän buýsandyryjy wakadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasy kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu Kararnamalaryň döwletimiziň, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalyk hökmünde ykrar edilendigini görkezýändigini, geçen 30 ýyla golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýup, dünýäniň ähli döwletleri bilen asylly ýörelgelere esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu bolsa ýurdumyzyň beýik başlangyçlarynyň dünýäde ykrar edilýändigini aýdyň beýan edýär.
Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyz hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli ýoly bilen dünýäde belent mertebä eýe bolýar, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär.
Oguljemal ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.