BIOLOGIKI KÖPDÜRLILIGI GORAMAK UGRUNDA TAGALLALAR
17-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Aralýaka sebitiniň daşky gurşawyny sagdynlaşdyrmak ulgamyndaky işler şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek. Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmek hem türkmen döwletiniň tebigaty goramak strategiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Bu iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýratyn suw howdany tebigatyň hakyky merjenidir. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki häsiýete eýedir we sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde hem oňa möhüm orun degişlidir.
Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmak bilen, Hazardaky bar bolan ekologiýa meselelerini we bu ugurda ýüze çykyp biläýjek meseleleri özüniň ýakyn goňşulary we hyzmatdaşlary hem-de abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen bilelikde çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär. Türkmen döwleti öz tarapyndan, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar sebitiniň esasy binýady bolup durýandygy baradaky sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň taglymatynyň esasy bolup hyzmat eder. Onuň durmuşa geçirilmegi bolsa Hazar deňziniň sebitine dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdebaryjy orny eýelemäge ýardam eder.
Häzirki wagtda Türkmenistanda goraghanalaryň 9-sy we çäkli goraghanalaryň 16-sy, tebigy ýadygärlikleriň 15-den gowragy bar. Bu toplum tebigat ewolýusiýasynyň, biziň planetamyzyň geologiki ösüşiniň aýdyň subutnamalaryny saklap galan we dünýäniň genefondy, ekologiýa deňagramlylygyny we ýer ýüzüniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin aýratyn gymmatlylyga eýe bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp sanly seýrek görnüşleriniň taryhy watany bolup durýar. Ýurdumyzyň goralyp saklanýan ajaýyp tebigy täsinlikleri dünýä jahankeşdelerini bu gözellikleri görmäge çagyrýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” şeýle döwletli işleriň sakasynda durup, eşretli zamanamyzda halk bähbitli işlere giň gerim berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli uly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jahan KURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýa topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.