Arassaçylyk saglygyň girewidir
19-12-25
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary depginli ösüşler bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Şeýle ösüşi gazanmakda her bir raýatyň, ilki bilen, eziz Watanyna söýgüsiniň, halkyna we onuň geçmişine belent hormatynyň, ahlak terbiýesiniň, sowadynyň we biliminiň, bagtly durmuşa bolan okgunly isleginiň, ýetilen sepgide baha berip, ýetilmeli sepgitleri kesgitlemeginiň örän möhümdigini aýratyn nygtasymyz gelýär.
Türkmen halkynyň edim-gylymy arassaçylyga iňňän üns berýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen halkynyň mirasyna ser salsaň, şeýle häsiýeti her ädimde görmek bolýar. Şeýle häsiýetleriň jemlenmegi bilen, irki döwürlerde hem, olar dürli keselleriň ýaýramagyndan goranyp bilipdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşda ýaşaýan raýatlarymyz mirasyň şeýle mukaddes ýoluny dowam etdirmelidir. “Arassaçylyk saglygyň girewidir” — bu gyzyla gaplaýmaly sözleriň aňyrsynda uly many we jogapkärli işler ýatyr. Türkmeniň meşhur ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:
Saglygyň gadryny bilgil,
Hassa bolmazdan burun
— diýip, adamzadyň ýaşaýşynda saglygy şeýle ýokary derejede häsiýetlendirýär. Saglyk üçin bolsa, ilkinji nobatda, arassaçylyk zerur.
Arassaçylyk kadalarynyň takyk ulgamyny döreden hem-de bu kadalaryň berk berjaý edilmegini gazanan ene-mamalarymyz gyz-gelinlerden öýüň her bir otagynyň, her bir burçunyň juda arassa bolmagyny talap edipdirler. Bu babatda olar aşhananyň, gap-gaçlaryň arassaçylygyna aýratyn üns beripdirler. Ene-mamalarymyz bu babatda gyzjagazlara ýaşlykdan aşhana baş açyk girmezligi, aşhanada çaý, nahar taýýarlanylanda diňe öňlükli bolmagy ündäpdirler. Çünki saçakda, gap-gaçda, käsede, tabakda saçyň we beýleki del zatlaryň görünmegini dürli keselleriň sebäpkäri hasaplap, beýle ýagdaýlary halamandyrlar. Ene-mamalarymyz düşen saçlaryň, ösgün dyrnaklaryň dürli keselleri döredip we ýaýradyp bilýändigine öz durmuş tejribeleriniň üsti bilen göz ýetiripdirler. Olar gyzlara çagalykdan kendirik, saçak, tamdyr keramatly üçlükdir, bu zatlary ösgün dyrnakly, hapa el bilen ellemek gadagan. Kendirigi eliňe almankaň dyrnaklaryň alnan, eliň sabynlanyp, gowy ýuwlan bolmaly, hamyr edilip bolunýança eliňi hamyr çanakdan çykarmaly däl, hamyr ýugrulyp bolunandan soňra eliňi we hamyr eden jamyňy ýuwman ýedi ädim ätmek günädir, hamyr edilip bolnandan soň, hamyr çanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dökmeli diýen ýaly ençeme talaplary girizipdirler. Bu talaplar we gadaganlyklar barada oýlananymyzda olaryň aňyrsynda berk arassaçylyk düzgünleriň bolandygyna doly göz ýetirýäris.
Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykdy, ýaşaýşymyza sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmak işi ählihalk işine öwrüldi. Ýurdumyzda yglan eden “Saglyk” Döwlet maksatnamanyň esasy özenini tutýan işleriň biri-de türkmen durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmakdyr. Ajaýyp döwrümizde täze keşbe girýän obalarymyza, şäherdir şäherçelerimize we etrap merkezimize bezeg berip oturan döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri we sport toplumlary, mekdepler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň miweleridir.
Milli Liderimiziň paýhas ummanyndan gözbaş alan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitaplary “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseri häzirki zaman lukmançylygyna gollanma bolup hyzmat edýär we ähli halkymyzyň esasy maslahatçysyna öwrüldi.
Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.