Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy
24-11-25
«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly pederlerimizden galan nakyllar halkymyzyň durmuş şygaryna öwrüldi. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny, bilim edaralaryna sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. Dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim portallaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde parasatly pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sanly tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan ýaş hünärmenler kemala gelýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ylym we bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.
Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimiň ak ýolundan öňe sary gadam urýan ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, zehin-başarnyklaryny görkezip üstünlik gazanýarlar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlary edepli, bilimli, tutanýerli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar edip ýetişdirmek barada durmuşa geçirýän beýik işleriniň beýanydyr. Ýaş nesillerimiziň üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Ýaş raýatlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, şeýle-de olaryň geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin mynasyp hünär derejeli işgärleri taýýarlamaklygyň zerurlyklary hasaba alnyp, bu ugra oýlanyşykly çemeleşilýär. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklere esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär.
Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ýaly ugurlar üns merkezinde saklanylýar. Ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda daşary ýurtly alymlar ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň bardygyny, oňa hormatly Prezidentimiziň goldawy we üns bermegi netijesinde täzeçil işlemek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nazara alyp, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly isleg bildirýärler.
Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi. Türkmen halkynyň döredijilik ýol-ýörelgesiniň mizemez binýady hem hut ýaşlaryň elindedir. Olar milletimiziň mertebesidir, şöhratly taryhymyzyň baky dowamatydyr. Ykbaly gülläp, bagt guşy asuda asmanynda ganat ýaýan türkmen ýaşlarynyň bu günki günde ümzügi ileri, maksatlary aýdyňdyr. Ol aýdyňlyk bolsa türkmen halkynyň geljegini şöhlelendirjek bilimli ýaşlardyr.
Ýaş nesillerimiz, olaryň sazlaşykly ösüşi, kämil ylym-bilimli bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary baha berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gyrmyzy GURBANÝAZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.