GARAGUM SÄHRASY – TÄSINLIGIŇ HEM-DE GÖZELLIGIŇ MEKANY
20-10-25
Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny 350 müň inedördül metr töweregini tutýan Garagum sähramyz özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda Horezm golunyň, gündogarda Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýuň hanasynyň arasynda ýerleşýär.
Garagum sährasynda ýaşan ata-babalarymyz hemişe tebigata paýhasly garamak bilen, ondan öz ýaşaýyş-durmuşy üçin iň bir zerur zatlary almagy başarypdyrlar. Ylaýta-da, olar özleriniň saglygyny hut Garagumuň tebigaty, ösümlik dünýäsiniň üsti bilen aýawly gorap saklapdyrlar. Mysal üçin, dana pederlerimiz tikenli göýüli, keýigoty ýaly içki beden agzalaryny, daşky bedeni kesellerden gorap saklamakda iň bir ýörgünli ulanylýan ösümlikleri melhem ot hökmünde peýdalanypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek parz işdir” diýip bellemegi hem bu sähranyň mukaddesliginden habar berýär. Dogrudan-da, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez Garagum sährasy - durşy bilen keramat, gaýtalanmaýan gözellik.
Garagum sährasy diňe bir örülerde ýylboýy mal bakmak ýa-da ekerançylyk üçin bereketli ýer bolman, eýsem, gazylyp alynýan dürli baýlyklara, esasan hem, nebitdir gaza baýdyr. Şol sanda, ýerasty känleriň beýleki mineral serişdeleri hem bar, hususan-da, tebigy kükürde baýlygy bilen tapawutlanýar. Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edýär. Ajaýyp ekoulgamy bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Garagum sährasynyň içinden geçýän uzynlygy müň kilometrden gowrak Garagum derýasynyň ugrunda barha giňeýän bossanlyklar peýda bolýar. Garagum sährasynyň tebigatyny goramak, ony Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak wezipesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly maslahatlarynyň, tabşyryklarynyň, asylly ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Garagum sähramyzyň ürgün çägeligi, esasan hem, senagatyň aýrylmaz bölegi bolan aýna önümlerini taýýarlamakda çig mal hökmünde ulanylýan kwars çägeligi, baý haýwanat dünýäsi, ösümlik dünýäsi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly bilermenleriň alymlary tarapyndan giňden öwrenilýär.
Garagum sähramyz, onuň täsin ösümlik dünýäsi milletimiziň gymmatly mirasydyr, baýlygydyr, buýsanjydyr. Bu gymmatly baýlygy gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, Garagumuň täsin gözelligini asyl durkunda geljekki nesillere miras galdyrmak biziň - şu günki nesilleriň watançylyk borjudyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologiýa abadançylygyny kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesillerde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Mähri DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Inçekesel kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň dosenti.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.