DIL ÖWRENMEK – DÖWRÜŇ TALABY
31-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hili, mazmuny döwrüň talabyna görä has-da kämilleşdirilýär. Olara daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge örän uly üns berilýär. Muňa ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegi aýdyň delildir. Şonuň netijesinde hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär. Bu döwrebap usullar dil öwretmegiň kämil ugry bolup, okuw işinde oňat ýardam berýär.
Daşary ýurt dilini öwrenmek ruhy-ahlak we logiki pikirlenişi ösdürýär, ýatkeşlige uly täsir edýär, dünýägaraýşyňy giňeldýär hem-de umumy medeniýeti ýokarlandyrýar. Dili özleşdirmegiň dowamynda hünärmen nazaryýet bilimleri hem-de okuw-guramaçylyk, okuw-aňyýet, okuw-maglumat, okuw-aragatnaşyk başarnyklaryny kämilleşdirýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek şahsyýetiň ruhy taýdan kemala gelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilikleriň döredilýändigini kesgitleýär. Dil öwrenmekde kitaplaryň ähmiýeti uly bolup, köp asyrlaryň dowamynda onuň üsti bilen grammatik kadalar öwredilip gelnipdir. Şeýle hem sözleriň terjimesini sözlükleriň üsti bilen öwrenýänleriň aňyna ýetirilipdir.
Häzirki ösen döwürde bu aýratynlyklar sanly tehnologiýalaryň, kompýuter programmalaryň üsti bilen utgaşykly alnyp barylýar. Şunda daşary ýurt dilini öwrenýän ýaşlar özleşdirýän diliniň grammatiki takyklygyny we sözleýşiň aýratynlyklaryny utgaşdyryp alyp gidýärler. Şeýle hem ýaşlaryň sözleýiş endiklerini ýüzbe-ýüz gürrüň etmek arkaly kämilleşdirmek dil öwreniş usulyýetinde iň ygtybarly hem-de täsirli usul hasaplanýar. Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň hem has ygtybarly we netijeli usullary işlenilýär we tejribä ornaşdyrylýar. Bu bolsa mugallymlar hem-de talyplar üçin ýeňillikleri döredýär. Dil öwrenmäge sarp edýän wagty tygşytlamaga şert döredýär.
Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän multimediýa, interaktiw tehnologiýalary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda bilim alýan, hünär öwrenýän, zähmet çekýän ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary egsilmeýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýän, ýaş nesliň ähli taraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Döwletmyrat AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.