Garaşsyzlyk — halkymyzyň buýsanjy

15-04-26

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Şanly Garaşsyzlygymyz halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanyň her bir raýatyny döredijilikli zähmete, täze sepgitlere hem-de ösüşlere ruhlandyrdy.

Döwletimiziň täze taryhyny esaslandyran milli Garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.

Garaşsyzlyk döwrümiziň her bir güni biziň üçin şatlykdan doly bagtly günlerdir. Bagtyýarlyk döwrümiziň uly ösüşlerine beslenen durmuşymyz şatlykdan doly. Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhynda bolup geçýän wakalar bolsa şatlygymyza şatlyk goşup, buýsanjymyzy artdyrýar. Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkeze, tehnologiýalaryň, haryt hyzmatlaryň akymlarynyň artýan ýolunda özboluşly çatrygy bolan Türkmenistan parahatçylyga we hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygy netijesinde soňky ýyllarda dürli halkara forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu gün türkmen halkyny, ösüşler mekany bolan Garaşsyz Türkmenistanymyzy bütin dünýä tanaýar. Ýurdumyzyň bu ajaýyp üstünliklerini görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Türkmenistan Watanymyzyň parasatly Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilýän halkara möçberindäki umumadamzat bähbitli maksatnamalar ýurdumyzyň syýasat ulgamyndaky üstünligine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary alyp barmak bilen gün-günden pugtalandyrýar.

Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň türkmen nusgasyny ýörelge edinen merdana milletimiz döwrüň peşgeş beren ajaýyplyklarynyň şaýady bolýar. Ynsanperwer ýüregi «Watanym, halkym – bagtym!» diýip urýan Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygaryny nusga edinip, geljegiň arzyly sepgitlerine gadam basýar.

Bitaraplyk derejesi halkymyza  ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Halkymyz üçin bu bagtly ýoluň açylmagynyň gözbaşy döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagyndan başlanýar. Ine, bu gün bolsa ýurdumyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanan Garaşsyzlyk baýramymyz gutly bolsun!

Mundan 35 ýyl ozal Garaşsyz Watanymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açyp, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Watanymyzyň mizemezligi halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi 35 ýyl bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, ösüşli menziller bilen öňe barýarys. Goý, bu ýolumyz asyrlara uzasyn! 

Eziz Diýarymyzyň toýlary toýlara ulaşsyn, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýbibi AÝMAMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuserçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.