GADYMY HEM MÜDIMI HALY SUNGATY
24-10-25
Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir.
Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hojalyk durmuşlarynda uly orun tutandygyny tassyklaýan garaşylmadyk we jedelsiz maglumatlaryň käbirine ser salalyň.
Köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli alym I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygynda XX asyryň 70-nji ýyllarynda arheologiýa agtaryş topary tarapyndan Sumbar jülgesinden bürünçden ýasalan kesiji gurallaryň tapylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Alym Sumbar jülgesinde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde biziň eýýamymyzdan öňki II müň ýyllyga degişli gatlaklardan bürünçden ýasalan haly keserlerini hem tapmagy başardy. Bu tapylan haly keserler barada I. N. Hlopin: “Biziň döwürdeş zenanlarymyzyň haly erşini kesmek üçin ulanýan demir keserleriniň şol gadymy döwre degişli tapyndylardan birjigem üýtgeşik däldigi haýran galdyrýar. Eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň soňky asyrlarynda türkmen zenanlary halyçylyk senedinde kämil görnüşli haly keserlerden peýdalanypdyrlar. Muňa esaslanyp, haly sungatynyň döreýşiniň kökleri ol döwürden hem has uzaklara, mümkin eneolit eýýamynyň ösen we giçki döwürlerine degişli bolmagynyň hem ahmaldygyny aýtsa bolar” - diýip türkmen halylarynyň köklerini çuňluklardan alyp gaýdýandygyny taryhy deliller bilen beýan edýär.
Türkmen haly önümçiliginiň gadymylygyna şaýatlyk edýän delilleriň ýene-de biri hem gazuw-agtaryş işleri geçirlende tapylýan taňsyk önümlerindäki nagyşlardyr. Bularyň has gadymylary biziň eýaýmymyzdan öň V-III müňýyllyklara degişli bolup, häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşen Göksüýri ýadygärliklerinden tapyldy. Bu meňzeşlikler halylarymyzyň biziň eýýamymyzdan V müň ýyl öň hem häzirki Türkmenistanyň topragynda dokalandygynyň şaýadydyr. Türkmenistanyň gadymy obalarynda eýýam onlarça ýyllap gazuw-agtaryş işlerini geçiren belli arheolog W.I.Sarianidi hem şeýle netijä gelýär: “Garagumyň yssysynda dokma önümleri köp saklanmaýar, emma gadymy döwürlerden gaplaryň ýüzlerinde bir-birine meňzeş haly nagyşlaryny görüp bileris. Bu bolsa türkmen halylaryna örän meňzeş. Bu keramikalardaky şekiller pars, kawkaz halylarynda ýok, olar diňe türkmen halylarynda bar. Türkmen halylarynyň düşegi syk açyk gyzyl. Bular ýaly reňkler Günorta Türkmenistandan tapylýan gaplaryň ýüzünde-de bar” - diýip ýazýar.
Bu barada sungatşynas G.A.Pugaçenkowa bolsa: “Günorta Türkmenistanyň nagyşly taňsyk önümleri nagşyň şol gadym zamanlaryň gadymy sungatynda gazanylan şeýle beýik üstünlik bolandygyny görkezýär. Onda bezegleriniň gurluşlarynyň dürlüligini kesgitleýän sazlaşygyň, deňölçegliligiň, ýönekeý açyk reňk utgaşmalarynyň tebigatda gözegçilik edilen we adam zähmeti bilen işlenip taýýarlanylan kanunalaýyklyklary tejribä esaslanyp tapyldy” - diýip belleýär. Arheolog Öwez Gündogdyýew hem Günorta Türkmenistandan biziň eýýamymyzdan öňki II ýyllyklara degişli ýadygärliklerden tapylan taňsyk önümlerindäki nagyşlaryň türkmen zenanalarynyň häzirki döwürde dokaýan halylaryndaky “ahal-teke”, “zerbaf”, “aýna göl”, “gapyrga” ýaly nagyşlaryna meňzeşdigini delilleriň üsti bilen düşündirýär. Bu aýdylan delilleriň ählisi türkmenlerde haly önümçiliginiň gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýtýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Şwesiýa, ABŞ, Eýran, Türkiýe, Müsür we başga-da birnäçe döwletleriň muzeýlerinde hem türkmen halylary görnükli ýerleri eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halyçylyk sungatymyzyň şeýle belent derejä ýetirilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halyçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Milli mirasymyzy, buýsançly gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, medeni gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, dost-doganlyk ýollaryny berkitmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarymyzyň çägi ýokdur. Bize işlemäge, ýaşamaga şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.