GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
19-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär, şeýle hem şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däpleri döwrebap derejede kämilleşdirýär.
Amul, Merw, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç ýaly gadymy ýerlerimiz hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Gündogardan gelýän kerwenler türkmen topragyndaky täsin binalara tomaşa etmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Onuň bol harytly bazarlarynda seýrek duş gelýän harytlardan kerwenlerindäki düýeleriň horjunlaryny mas ýükläp, ýoluny dowam edipdirler. Şonuň üçin hem bu toprakda baý tapyndylara duşmak bolýar. Taryhy maglumatlary gadymy ýazuw çeşmelerinde hem görmek bolýar. Ýazuw çeşmeleri we arheologik maglumatlar orta asyrlarda hut şu topraklarda senetkärligiň we söwdanyň ösen merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.
Taryhyň gatlarynda galan gymmatlyklary tapmakda we ylmy esasda öwrenmekde arheologlaryň uly işleri bitirýändigini bellemek gerek. Arheologlaryň we rejeleýjileriň dürli kynçylyklara döz gelip ýetýän üstünlikleri taryhyň sahypasynda öçmejek yz galdyrýar. Şeýle gymmatly tapyndylar ritonlardan, syrçaly keramika küýzeden we täsin gaplaryň böleklerinden ybaratdyr. Şonuň bilen bir hatarda dürli sungat, zergärçilik önümleri, şekiller aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi taryhymyzyň gadymylygyny aňladýar we milli medeniýetimiziň baýdygynyň subutnamasy bolup durýar. Ol tapyndylaryň aglabasy gadymy türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky esasy söwda merkezleriniň biri bolandygyny tassyklaýar.
Ata Watanymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmagy gadymy şäherlerimiziň ykdysady we medeni babatda ýokary göterilmegine uly täsir edipdir. Halkara ylmy maslahatlarda hem dünýäniň alymlary bu babatda ençeme gezek beýan etdiler. Bu bolsa türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dünýäde uly gyzyklanma bilen öwrenilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu gadymy toprakda binagärçilik sungatynyň hem ösendigini görmek bolýar. Esasan hem taryhçylar Sarahsda binagärlik mekdebiniň bolandygyny, gadymy taryhy ýadygärlikleriň ençemesiniň şeýle ussalar tarapyndan gurlandygyny nygtaýarlar. Bu bolsa taryhda binagärligiň üstünlikli ösdürilendigi we taryhda mynasyp yz goýandygy bilen baglanyşyklydyr. Gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jemal ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.