ERTIRIMIZ NURANA – GELJEGIMIZ ÝAGTY

24-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize bilim hem-de terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli işlerde bilim işgärleri yhlaslaryny gaýgyrman, ýokary derejede öndürijilikli zähmet çekýärler. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamy, galyberse-de, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň baş maksady ýaş nesliň düýpli bilim almagynyň we hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmeginiň anyk bähbitlerine gönükdirilendir. Onuň aýdyň görkezijileri ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur bilim, terbiýe almagy üçin edilýän ägirt uly aladalarda, olaryň jemgyýetçilik we maşgala gurşawynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döredilen ýokary mümkinçiliklerde jemlenendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir” diýmek bilen, milli bilim ulgamynyň ýörelgeleriniň belent maksatlaryny beýan edýär. Ata Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň dünýä ylymlaryndan habarly bolmagy üçin hem giň mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak göwnejaý ýola goýuldy. Häzirkizaman okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar we maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş depgininiň ýokary derejelere eýe bolýandygyny, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirýändigini aýdyň beýan edýär. Goý, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil bolup ýetişmegi üçin giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.