Habarlar
Habarlar
16823a9f0cbf3c.jpeg
1 ýyl ozal
BITARAPLYK TAGLYMATY

Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

16823a97354f56.jpeg
1 ýyl ozal
BITARAPLYK - ŞAN-ŞÖHRATYMYZ

Türkmenler asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdirler, beýik Pyragy aýtmyşlaýyn, öz döwlet binalaryny gurup, saýasynda erkin ýaşamagyň arzuwyny edipdirler. Şol sebäpli bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak olaryň ruhuna mahsusdyr we düşnüklidir.

16823a21a63766.jpeg
1 ýyl ozal
ASUDALYGYŇ HEM-DE BAGTYÝARLYGYŇ NYŞANLARY

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 33 ýyl dolýar.

1627ff46e74cb8.jpeg
1 ýyl ozal
Döwlet nyşanlarymyzyň mukaddesligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goşa-goşadan gelýän toý-baýramlaryň seresi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň goşa mukaddesliginiň alamaty hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.

168239ec310bab.jpeg
1 aý ozal
GOŞA MUKADDESLIGIŇ BAÝRAMY

Ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda watandaşlarymyzyň syýasy, jemgyýetçilik-ykdysady, şahsy hukuklary kanuny esasda berkidilýär. Hut şonuň üçin-de Döwlet baýdagymyz bilen döwletliligiň esasy ýörelgesi hem-de alamaty bolan Baş Kanunymyzyň kabul edilen günüň baýramynyň bir günde bellenilmegi-de uly many-mazmuna eýedir.

168218a0fb1827.jpeg
7 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy – milli terbiýäniň nusgalyk mekdebi

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar.

167a452c4011d6.jpeg
7 aý ozal
PARAHAT DURMUŞYŇ BAGTYÝAR ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna, uly arzuw-umytlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Bu ýylda türkmen döwletiniň mukaddes ýörelgeleri Gün deňinde pasyrdap, ýene dünýä ýaýylar. Muny ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mähribanlyk nury diýibem häsiýetlendirse bolar.

167b5a9abc5bcb.jpeg
6 aý ozal
«Hakyda göwheri» ― milli mirasa sarpa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň sowgat berilmegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açylýandygyny eşidip, göwün guşumyz has-da ganatlandy.

168205e735094e.jpeg
1 aý ozal
Konstitusiýa – parahatçylygyň beýany

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar.

168205d193e739.jpeg
1 ýyl ozal
TÜRKMENISTAN — BAGY-BOSSAN

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde, aýratyn hem paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji iýunyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.