MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
19-09-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramynyň şowhuny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 34 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Türkmen halkynyň täze döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, ýurduň durmuşyndaky iri jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem barha golaýlaýar. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir.
Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň maslahatda garalmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Halk Maslahatynyň uly orny bardyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzyň «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşuly nesliň sözüne hem uly orun berilýär. Ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezligi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygy, eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly çözülýändigi berkararlykdan, agzybirlikden, döwletlilikden nyşan.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, ulag infrastrukturalarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy muňa aýdyň subutnamadyr.
Ýurdumyzyň durmuşynda her bir ýetilen belent sepgit, zähmet üstünlikleri mähriban halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu beýik işler Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň çekýän asylly zähmetimiziň ähmiýetine berk düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy siňdirip, ýurdumyzyň beýik ösüşine mynasyp goşant goşmagymyza egsilmez güýç-kuwwat berýär.
Maksat DOSOW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.