HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ - BAGT ÝOLUMYZ

19-09-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Türkmenistan Watanymyzyň 30 ýylyň içinde öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy-da halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny görkezýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta berjaý edýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny boldan ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu adyl syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa halklary agzybirlik, adamkärçilik atly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanmasy hökmünde halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alan Bitaraplyk ýurdumyzyň şanly taryhynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi netijesinde halkymyzyň ýakyna yzzat etmek, ýadyňa hormat goýmak, islendik meseläni parahatçylyk ýoly arkaly çözmek ýaly ýörelgeleri bu ugurda esas edilip alyndy.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Diýarymyz syýasy we ykdysady taýdan umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan, ylmy-tehnikada, durmuş üpjünçiliginde, medeniýetde, sungatda dünýä jemgyýetçiligi bilen aýakdaş barýan döwlet hökmünde tanaldy. Iň esasy bolsa biziň hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem, umumadamzat bahbitlerine gulluk edýänligini, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň adamzada juda gerekdigini dünýä ykrar etdi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde demokratik esaslaryň ykrar edilmegine gönükdirildi.

Türkmenistan Watanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolmagy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde gazanylýar. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, islendik döwletara gatnaşyklarynyň netijeliligi halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň, olaryň dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy bilen kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp ornuny eýeleýär.

Hawa, Bitaraplygymyz baky bagtyýarlygymyzdyr, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmegiň netijeli guralydyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy çeşmesiniň ajaýyp miwesidir. Sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk hem diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.