Habarlar
Habarlar
MAGLUMATLAR EÝÝAMYNYŇ ÖSÜŞLI GELJEGI
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Hormatly Prezidentimiziň: parasatly ba'tutanlygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Täze tehnologiýalar ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrylýar.
Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy
Her ýylyň aprel aýynda Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak indi asylly däp hökmünde yzygiderli dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýakymly ýaz paslynyň bu ajaýyp aýynda sport, bedenterbiýe çäreleriniň köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy buýsanç bilen bellärliklidir.
YLYM – BEÝIK GELJEGIŇ ÝOLY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri üstünliklere beslenýär. Zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin hemmetaraplaýyn we ylmy esasda zerur meýilnamalar kabul edilýär. Häzirki döwürde ýaş alymlar halypalary bilen bir hatarda ylmy-barlag, taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar.
SANLY MÜMKINÇILIKLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Garaşsyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, sanly ulgamy has-da ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, ähli pudaklarda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli amal edilýär.
Guradylan miweleriň peýdasy barada
Ol ýürege we aşgazan-içege oňyn täsir edýär we görüşi gowulandyrýar. Guradylan erikleri yzygiderli iýmek, gan damarlarynyň petiklenmek howpuny peseldýär we gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, sagdyn derini, dyrnaklary we saçlary ösdürýär. Guradylan erik gemoglobini köpeldýär we aşgazan-içege kesellerinde peýdalydyr. Guradylan miweler, çişmä garşy gowy serişdedir.
Beýik şahyra uly sarpa
Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr.
Häzirki zaman tehnologiýalary – ösüşiň binýady
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany düýpli artdy, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizildi, bu iş häzir dowam edýär.
Saz — ruhy iýmit
Saz diňlemek ynsanyň ruhuny göterýär. Alymlaryň ençeme geçiren barlaglarynyň netijesinden soňra, saz diňlemegiň ynsany fiziki we ruhy taýdan sagdynlaşdyrýar. Saz diňlemek uky bozulmalaryna, gaýgy, nerwi ulgamyna, beden we beýni rahatsyzlygyna oňaýly täsir edýär.
OKATMAGYŇ INNOWASION USULLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha rowaçlanýar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşup biljek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.
BAGTYÝARLYK DÖWRI - ÖSÜŞLERIŇ ZAMANASY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.