GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DÖWÜR
25-09-25
Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günleri beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri halkymyzyň ruhubelentligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiziň berkararlygy, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimize berk ynamymyz türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, döwletimiziň binýadynyň mizemezligini nazarlaýan taglymatlaryň jemidir.
Häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, dünýäde ylym-bilimde täze gazanylanlar durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we özgerişleriň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şol beýik işler jemgyýetimizi ösdürmegiň hereketlendiriji güýjüniň özenidir. Kämil maksatlar halkymyzyň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan uly söýgi ildeşlerimiziň kalbyny buýsanç, guwanç duýgularyna besleýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuw-umytlarydyr. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäniň çar künjünde dabaralanýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň garaşsyzlyk derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilip, mertebesi has-da belende galan halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Garaşsyzlyk döwrümiziň her bir güni biziň üçin buýsançdan doly bagtly günlerdir. Bagtyýarlyk döwrümiziň uly ösüşlerine beslenen durmuşymyz şatlykdan doly. Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhynda bolup geçýän wakalar bolsa biziň buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri rowaç bolsun!
Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ mikrobiologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.