Habarlar
Habarlar
1681c4924213c8.jpeg
1 ýyl ozal
Ak mermerli Aşgabat – Watanymyzyň ýüregi

Ak mermerden ajaýyp binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan paýtagt şäherimiz Aşgabady görmäge göz gerek. Owadan hem abadan ýaşaýyş ynsan ömrüne ömür goşýar. Ak şäherde bolsa ýaşamak, okamak, döretmek, zähmet çekmek, dynç almak üçin ähli şertler bar. Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri — bularyň ählisi aşgabatlylaryň döwrebap ýaşaýşyny üpjün edýär.

1647b2a78a846c.jpeg
1 ýyl ozal
BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň hatarynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

1681c45671dead.jpeg
1 ýyl ozal
BINA BAKY BOLÝAR, BINÝAT BERK BOLSA

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň özeni milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli, ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr.

16736fe1f25fc2.jpeg
1 ýyl ozal
Magtymgulynyň döredijiligi – döwürleriň paýhasy

Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, şahsyýetlerimize uly sarpa goýulýar. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bütin dünýäde öwrenilýär.

16160a7693b78d.jpeg
1 ýyl ozal
TEHNOLOGIÝALAR ULGAMY — DÖWRÜMIZIŇ TALABY

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Milli Liderimiziň: «Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, dünýä tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär

1675c0b2be8164.jpeg
5 aý ozal
DÖWREBAP BILIM ÖZGERTMELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär.

16427db490ebd6.jpeg
1 ýyl ozal
Peýdaly miweler barada kelam agyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär. Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleriň biri hem dogry iýmitlenmekdir. 

16160a00772f27.jpeg
1 ýyl ozal
Sanly ykdysadyýet ulgamy ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler oňyn netijelerini berýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ösüşiň täze tapgyryny üpjün edýär.

1681b39fef18f3.jpeg
1 ýyl ozal
BELENT YNAMA MYNASYP ÝAŞLAR

Ýaşlar täze taryhy eýýamyň hereketlendiriji güýjidir. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Haýsydyr bir döwletiň geljekki ösüşini seljerjek bolsaň, ol ýurduň ylym-bilim ulgamyna berýän ünsüni, döredilýän şertleri we şolaryň ählisiniň ýaşlary bilen uýgunlaşygyny göräýmeli. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar.

1676a6a17c17fe.jpeg
1 ýyl ozal
Belentdedir zenanlaryň sarpasy

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.