Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

09-09-25

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilýän ugurlarydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere, taryhy özgertmelere eýe bolýar. Munuň şeýledigine gazanylýan ykdysady ösüşiň ýokary derejeleri, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler şaýatlyk edýär. Bu döwürde ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen täze gurulýan desgalaryň sany barha köpelýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Bularyň ählisi iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolup, onuň ajaýyp keşbi halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Ynha, şeýle beýik ösüşlerimizi, oňyn özgertmeleri ara alyp maslahatlaşmak, röwşen geljegimize aýdyň maksatlar tutmak döwletlilikden nyşandyr. Hut şonuň üçin hem sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmäge, teklipleri işläp taýýarlamaga, maslahatlary bermäge, halkyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek hem-de hyzmat etmek bolup durýar.

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär. Olar döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerilip, ýaşlarda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin zerur bolan asyllylyk, medeniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetler terbiýelenýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan belent üstünliklere, beýik ösüşlere nazar aýlanyňda, şanly Garaşsyzlygymyza buýsanjyň has-da goşalanýar. Çünki Garaşsyzlygymyzy berkitmekde, ykdysady ösüşlerimizi dünýä derejesinde ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bu gün netijeliligi bilen tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler, uly ösüşler beýik taryhy öz içine alýar. Bu döwürde türkmen halkynyň beýik taryhy kemala geldi, dünýä içre ýaýyldy.

Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, dünýä içre şan-şöhraty Garaşsyzlygyň beren datly miwesidir. Gurýan, döredýän, öňe barýan halkyň bagtyýarlygy mukaddes Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýunyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda geçiriljek döwletli maslahatda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul ediler. Bu kabul ediljek taryhy çözgütler bolsa geljegimiz bolan ýaş nesilleriň aýdyň ertirlerini kepillendirer.

Aýna ÇOPANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.