Halk Maslahaty – halkymyzyň jebisligi

09-09-25

Taryha altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalary, toý-baýramlary bir-birine ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, geçirilýän her bir syýasy-jemgyýetçilik çäre bagtyýar halkymyzyň arzuwlaryndan, isleglerinden ugur alýar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen naýbaşy ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler munuň aýdyň subutnamasy bolar.

Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly 34 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň watany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, ulag infrastrukturalarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy muňa aýdyň subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde öňe barýan ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýokary derejede geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi alnyp barylýan beýik işleriň many-mazmunyny çuňlaşdyrmakda, gerimini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuňňur manyly, taryhy çykyşlary öňde goýlan wezipeleri, belent maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Bu taryhy wakalar ýurdumyzda döwrebap işleri ýola goýmakda, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Halk we döwlet bähbitli möhüm wezipeleriň çözülmegine uly üns berilmegi geljekki ösüşleri üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçen Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ine, şeýle şan-şöhratly wakalar bilen dabaralanýar. Bu wakalar il agzybirligini, ýurt parahatçylygyny ähli zatdan ilerde goýýan halkymyzyň arzuw-isleginiň hasyl bolýandygynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşendiginiň we söýgi-buýsanjynyň egsilmezdiginiň aýdyň güwäsidir!

Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.